Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň wise-başlygynyň arasynda duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Halkara hukugy we bitaraplyk meseleleri boýunça üçünji Aşgabat maslahatynyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň demografik meseleler boýunça wise-başlygy, Awstriýanyň parlamentiniň agzasy Gudrun Kugler bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy dialogyň we amaly hyzmatdaşlygyň oňyn depginini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge bolan özara gyzyklanma nygtaldy.
Gepleşiklerde halkara gün tertibiniň meselelerine, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde halkara hukugynyň ornuny pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň ähmiýeti bellenilip, onuň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylandygy nygtaldy.
Şeýle hem ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalary giňeltmegiň ähmiýetini bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan ikitaraplaýyn gyzyklanma tassyklanyldy.