BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ WEKILÝETINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY

2019-njy ýylyň 23-28-nji fewraly aralygynda Bahreýn Patyşalygynyň “Gulf Petrochemical Industries Company” (GPIC) şereketiniň müdirler geňeşiniň başlygy Ahmed Al Şarýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda iş sapar bilen bolýar.

Saparyň çäklerinde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleriniň wekilleri, şeýle-de nebitgaz we himiýa toplumlaryna gözegçilik edýän ýolbaşçylar bilen duşuşyklar geçirildi.

Duşuşyklaryň barşynda taraplar Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebit önümlerini saklamak we düşürmek üçin niýetlenen awtomatlaşdyrylan täze Kenar kärhanasynyň demir ýol estakadasy, innowasionlygy we netijeliligi bilen halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan Gyýanly şäherçesindäki polimer kärhanasy – polietileni we polipropileni öndürmek boýunça sebitdäki iň iri gazhimiýa toplumy, dünýäde iň gowy gazhimiýa toplumy hökmünde halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan Garabogaz şäherindäki gazhimiýa toplumy ýaly Türkmenistanyň nebitgaz ulgamyndaky täze köp sanly desgalaryň ähmiýetini belläp geçdiler. 

Şeýle-de gepleşikleriň dowamynda Türkmenistandaky käbir bilelikdäki nebitgaz hem-de gazhimiýa taslamalar, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlarynyň ösüşi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki utgaşdyryjy işçi toparyň döredilmegi meselä hem garaldy.