“TÜRKMENISTAN-ÝEWROPA BILELEŞIGI” BILELIKDÄKI KOMITETINIŇ 18-NJI MEJLISI BRÝUSSULDE GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Brýussel şäherinde Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki Komitetiniň nobatdaky 18-nji mejlisine gatnaşdy.

Mejlisiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky söwda-ykdysady ulgamyndaky özarabähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistandaky makroykdysady ýagdaýlary,  maýa goýumlar, söwda, ulag, energetika, ykdysadyýet we maliýe hyzmatdaşlygy, bilim we hünär okuwlary, hukugyň ileri tutulmagy we ynsanperwerlik meselelerine seredip geçdiler.

Şeýle hem, taraplar döwlet dolandyrylyşynyň özgertmesiniň, howanyň üýtgemeleriniň we daşky gurşawyň goraglylynyň meselelerine, şol sanda howpsuzlyk, terrorçylyk we neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy ýaly  meselelere içgin seretdiler.

Hyzmatdaşlygyň geljegine seredilende ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze strategiýasy ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugry boldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar 2020-nji ýylda “Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki Komitetiň nobatdaky 19-njy mejlisini Aşgabatda geçirmek barada ylalaşdylar.

Munuň bilen bir hatarda, “Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki Komitetiň 18-nji mejlisiň çäklerinde 2019-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri bilen Ýewropa Komissiýasynyň halkara hyzmatdaşlygy we ösüş boýunça Baş müdiriýetiniň Başlygy Pýer Amilhat bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşgyň dowamynda taraplar sebit hyzmatdaşlygyň ösüşi, tehniki taslamalaryň we ÝB-niň Türkmenistandaky Maksatnamalaryň, şol sanda ÝB-nyň howpsuzlyk ulgamyndaky “KADAP” we “BOMKA” taslamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.