TÜRKMENISTANYŇ WE GRUZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ WEKILIÝETLERINIŇ ARASYNDAKY DUŞUŞYK

2019-njy ýylyň 3-nji martynda Buharest şäherinde Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary tarapyndan başlyklyk edilýän daşary syýasat edaralarynyň wekiliýetleriniň arasynda duşuşuk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşyldy. 

Daşary işler ministrleri Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik özarahereketleriň ýokary derejesini bellemek bilen, ýokary döwlet derejesinde kemala gelen ulgamlaýyn häsiýetli syýasy gepleşikleriň iki ýurduň arasynda dostlugy we hyzmatdaşygy pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar.

Türkmenistanyň we Gruziýanyň Prezidentleriniň yzygiderli özara saparlary hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda giň gerimli türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegine oňyn itergi berýär.

Şonuň ýaly-da özara gyzyklanma döredýän derwaýys sebit hem-de halkara meseleleri boýunça hem pikirler alyşyldy.

Taraplar söwda-ykdysady ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna aýratyn üns berdiler. Şeýlelikde ikitaraplaýyn haryt dolanşygynyň möçberleriniň artandygy bellenilip geçildi. Şunuň bilen birlikde, taraplar Türkmenistanyň we Gruziýanyň eksport-import amallarynyň geriminiň giňeldilmegi üçin uly mümkinçiliklere eýe bolup durýandygy bilen ylalaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda ýakyn wagtda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi babatynda ylalaşyk gazanyldy.

Gepleşikleriň jemleri boýunça ulgamlaýyn hem-de yzygiderli esasda syýasy geňeşmeleriň geçirilmegini göz öňünde tutýan Türkmenistanyň we Gruziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2019-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi.