ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN BRIFING GURNALDY

2019-njy ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň maslahatlar zalynda 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan brifing gurnaldy.   

Bu çärä Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maýa goýum we daşary söwda ministrliginiň, Ykdysadyýet ministrliginiň, Ulag ministrliginiň, Strategiki we sebitara barlaglar institutynyň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Özbegistanyň KHBS-leriniň wekilleri gatnaşdylar.   

Brifinge gatnaşyjylara Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk boýunça geljegi uly taslamalaryň başyny başlap, 2014-nji ýylda Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň  IV  Sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar deňzinde ulag we söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça iki sany täze ylalaşygy taýýarlamak, şeýle-de Hazar ykdysady forumy geçirmek başlangyjy bilen çykyş edendigi hakynda aýdyldy.