Türkmenistan 2019-njy ýylda GDA-da baştutanlyk edýär

2019-njy ýylda Türkmenistan şol bir wagtda Döwlet Baştutanlarynyň geňeşinde, Hökümet Baştutanlarynyň geňeşinde, Daşary işler ministrleriniň geňeşinde, Ykdysady geňeşinde, Arkalaşygyň agza döwletleriniň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň geňeşinde, Arkalaşygyň düzgünnamalaýyn we beýleki edaralarynda, şeýle hem GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleleri boýunça Komissiýasynda başlyklyk eder.

Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda şu ýylyň maý aýynyň dowamynda şu aşakdaky çäreleri geçirmekligi meýilleşdirýär. Hususan-da:

- 31-nji maýda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisi;

- 15–16-njy maýda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy;

- 15-nji maýynda bolsa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara Utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň baştutanlygy astynda durmuşa geçirilýän çäreler, GDA giňişliginde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, durnukly ösüşi üpjün etmek, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwerlik ugurlarynda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmeklige gönükdirilendir.