Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

2019-njy ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.  

Dabaraly çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ýurdumyzda Türkmen bedewine bagyşlanyp geçiriljek dabaraly çärelere gatnaşmak üçin  Türkmenistana gelen daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar. 

Özüniň çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri ahalteke tohumly atlaryň aýratynlygyny hemmetaraplaýyn beýan edýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu özboluşly döredijilik eseri hakynda gürrüň berdi.  

Çäräniň barşynda şeýle hem daşary ýurtlaryň Türkmenistanda akkreditirlenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri çykyş etdiler we olar Döwlet Baştutanynyň zähmetine ýokary baha berdiler we ýetip gelýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli gutladylar. 

Çäräniň ahyrynda tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylaryň Döwlet Baştutanymyza Ýüzlenmesi kabul edildi.