Türkmen sürüjileri Astrahanda geçýän “Kaganyň Altyny-2019”atly ralli-reýde üstünlikli girişdiler

2019-njy ýylyň 25-nji aprelinde Astrahan oblastynda Russiýanyň ralli-reýdler boýunça ýaryşynyň ikinji tapgyry bolan “Kaganyň Altyny-2019” atly ralli-reýdi başlandy. Bu halkara ýaryşyna Türkmen awtomobil sportuna “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine gatnaşan tejribeli sürüjiler wekilçilik edýärler.

“Kaganyň Altyny-2019” ralli-reýdi üç günläp dowam edýär we oňa Türkmenistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Latwiýadan, Finlýandiýadan we Ukrainadan türgenler gatnaşýar. Ýaryşyň umumy uzynlygy 700 kilometrden-de gowrak. Esasy maksat – üç tapgyryň netijeleri boýunça iň gowy wagt görkezmekdir.

Häzirki wagtda Türkmenistanda türkmen awtosportynyň öňünde uly mümkinçilikler açylýar. Bu işde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy örän ulydyr, sebäbi hormatly Arkadagymyz awtomobil sportunyň maddy-tehniki üpjünçiligini berkitmekde, ony giňden mahabatlandyrmakda we bu sporta ýaşlaryň köpräk goşulmagyna, olaryň ussatlygynyň ýokarylandyrylmagyna uly üns berýär. Munuň üçin türgenleşik hem-de dürli derejelerdäki ýaryşlar üçin hem ähli şertler döredilendir.