TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ASEAN-DA AKKREDITIRLENDI

2019-njy ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assosiasiýasynyň (ASEAN) Baş sekretary Lim Joek Hoý-a özüniň ýurduň bu guramadaky wekili hökmünde bellenmegi baradaky Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň hatyny gowşurdy.   

Hat gowşurylandan soňra Ilçi we Baş sekretar ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler. Onuň dowamynda Baş sekretar Lim Joek Hoý Türkmenistan bilen ASEAN-yň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen bilelikdäki çäreleri guramagy teklip berdi. 

Duşuşygyň barşynda, Türkmenistan bilen ASEAN-yň arasyndaky geljekki gatnaşyklar barada aýdyp, taraplar ählitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekçidiklerini we şol hyzmatdaşlygy geljekde bilelikde işlemäge taýýardyklaryny bellediler.

Duşuşygyň soňunda Ilçi ASEAN-yň Baş sekretaryny birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrdy.