Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi işiniň jemlerini jemledi

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gaz pudagynda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlän we geljekde bilelikdäki meýilnamalaryň utgaşdyrylmagyny şertlendiren X Halkara gaz kongresi öz işini tamamlady. 

Ozal habar berlişi ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserniniň guramagynda geçirilen bu ýöriteleşdirilen çärä 30 döwletden 450-ä golaý wekil gatnaşdy. Olaryň hatarynda 100-den gowrak nebitgaz kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri bar. 

Dünýäniň gaz bazarynyň geljekki ugurlary, onuň ösüşi, sebit we sebitara gaz geçiriji düzümler, gaz pudagyny köpugurly esasda ösdürmek, gazy gaýtadan işleýän senagatda täze tehnologiýalar we taslamalar ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny döretmek, nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe sürýän başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi. 

Kongresiň dowamynda geçirilen gepleşikleriň barşynda dünýäniň energetika ulgamynda tebigy gazyň eýeleýän ornunyň ýokarlanýandygy bellenildi. Tebigy gaz döwletleriň durnukly ösüşini şertlendirýän ekologiýa taýdan kabul ederlikli we ykdysady taýdan bähbitli energiýa serişdesi hasaplanylýar. Hut şonuň üçin hem dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň «mawy ýangyjyň» uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyz bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga bolan gyzyklanmalary kanunalaýyk ýagdaýdyr. 

Energiýa bolan islegiň artmagy islendik energetika çaklamalarynyň esasy görkezijisi bolup durýar. Şunda geljekki 30 ýylyň dowamynda tebigy gaz bilen halkara söwdany ýola goýýan döwletler, esasan, Aziýa ýurtlary bolar. Munuň özi täze gaz geçiriji we gazy gaýtadan işleýän düzümleriň zerurlygyny şertlendirýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän orny çäk taýdan amatly ýerleşmegi bilen has-da ýokarlanýar. 

Kongrese gatnaşyjylaryň «Galkynyş» iri gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly taslamalar bilen tanyşdyrylmagy aýratyn gyzyklanma döretdi. 

Şunuň bilen birlikde, kongresiň mejlislerinde türkmen tebigy gazyny Russiýa we Ýewropa ugratmagyň, Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwatyny artdyrmak boýunça meýilnamalaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny köpugurly esasda ösdürmek, onuň täzeçil usullaryny işjeňleşdirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän energetika syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Koreýa Respublikasynyň we Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bu ugurda işleýän kompaniýalaryň öňdebaryjylary hasaplanylýar. Ýurdumyzda tebigy gazy düýpli işlemek boýunça olar bilen birnäçe iri taslamalar amala aşyryldy. 

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan häzirki zaman önümçilikleriniň gurluşyklarynyň taslamalaryny hödürlemek bilen, beýleki maýadarlar üçin hem açykdyr. Şunda öňdebaryjy tehnologiýalaryň we täze ylmy-tehnologik işläp taýýarlamalaryň esasynda dürli görnüşli gazhimiýa önümleriniň önümçiligi ýola goýlar. 

Kongresiň ikinji iş gününde Türkmenistanyň nebitgaz senagatynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem-de «Türkmengaz» döwlet konserni ýaly, ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin bölümleriniň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň çykyşlary uly gyzyklanma bilen kabul edildi. 

Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny ösdürmegiň düýpli strategiýasy” işlenip taýýarlanylýar. Şunda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň mümkinçilikleri jikme-jik seljeriler, olary ösdürmegiň geljekki ugurlary, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan nebit önümleriniň anyk görnüşleri kesgitlener. Şolaryň önümçiligini zawodlar toplumynda ýola goýmak mümkindir. 

Hususan-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebiti düýpli gaýtadan işlemegiň görkezijilerini 90 göterimden ýokary derejä ýetirmäge mümkinçilik berýän täze tehnologik desgalary gurmak meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda dizel ýangyjyny we benzini gidroarassalaýyşdan geçirýän gurnamalar toplumy, wodorod önümçiliginiň binasy bolan katalitik krekingi kokslaýan nebiti gaýtadan işlemekden galan önümleri arassalaýan, şeýle hem ýokary hilli binýatlyk tehniki ýaglaryň önümçiligi boýunça gurnamalar bar. 

Mundan başga-da Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda benziniň önümçiligini ýola goýmagyň tehniki we ykdysady ugurlary öwrenilýär. Munuň özi dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan polistrol we kauçuk ýaly önümleri almak üçin ýokary hilli çig maly ulanmak maksady bilen döredilýär. Mundan başga-da bu desganyň gurluşygy ýurdumyzyň nebithimiýaçylaryna Ýewro — 5 we ondan ýokary görkezijilere laýyk gelýän benziniň önümçiligine geçmäge mümkinçilik berer. 

Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň we Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) wekilleri Türkmenistanda alyp barýan işleri barada çykyş etdiler. 

«Petronas» halkara nebitgaz kompaniýasy ýurdumyzda 20 ýyldan gowrak wagt bäri önüm paýlaşmak hakynda baglaşylan ylalaşygyň esasynda Hazar deňziniň ýalpaklygynda «1-blogynda» işleýär. Şu döwürde «Petronas» Türkmenbaşynyň 80 kilometr günorta-günbatarynda ýerleşýän şertnamalaýyn çäkde gözleg işlerini geçirmek we işläp taýýarlamak boýunça ABŞ-nyň 10,7 milliard dollaryny maýa goýum hökmünde gönükdirdi. 

Häzirki döwürde «Magtymguly» we «Diýarbekir» ýataklarynda nebiti we gazy çykarmak işleri yzygiderli alnyp barylýar. Ýakyn geljekde «Garagol Deňiz» ýatagynyň günbatar böleginde buraw işlerini işjeňleşdirmek meýilleşdirilýär. Bu taslama deňiz binýadynyň gurluşygyny we ondan Gyýanly şäherçesindäki kenar terminalyna turbageçirijini çekmek işlerini öz içine alýar. Bu ýerde ozal tebigy gazy arassalamak we nebiti, kondensaty we ugurdaş gazy bölmek üçin uglewodorod serişdesini arassalaýan gurnama bina edildi. 

1998-nji ýyldan başlap, kompaniýa «Petronas» Türkmenistanyň Tehnologiýa uniwersitetinde bilim alýan türkmenistanly ýaşlar üçin halkara bilim maksatnamasyny amala aşyrýar. Şeýle hem bu ýokary okuw mekdebi ýurdumyzyň Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekdi. 

Öz gezeginde Hytaý milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi üçin esasy çig mal çeşmeleriniň biri bolan «Bagtyýarlygyň» çägindäki ýataklary gözlemek, gurnamak we işläp taýýarlamak işlerini amala aşyrýar. Önümi bölüşmek barada baglaşylan ylalaşyga görä, 2007-nji ýyldan başlap, Amyderýanyň kenar ýakasynda seýsmiki barlaglary geçirmek, täze gözleg we ulanyş guýularyny burawlamak bilen baglanyşykly uly möçberli işler ýerine ýetirildi. 

Netijede, gazyň täze ýataklary, şol sanda Samandepedäki ýatakda («A» blok), şeýle hem «Bagtyýarlyk» («B» blok) şertnamalaýyn käniniň çäginiň gündogar-günorta we demirgazyk böleklerinde ýataklar açyldy. Amyderýanyň merkezi böleginde gözleg işlerini synagdan geçirmegiň barşynda nebitiň we gazyň ýokary debitli akymlary alyndy. Samandepe gaz ýatagynda we Hojambaz etrabynda gazy gaýtadan işleýän zawodlaryň ikisi, 100-den gowrak synag we ulanyş guýulary, şeýle hem önümçilik, logistik we durmuş düzümine degişli beýleki desgalar guruldy. 

Häzirki wagtda CNPC-niň düzümine girýän Amyderýa sebit gaz kompaniýasy Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň çig mal binýadyny berkitmek boýunça işleri dowam edýär. «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn käniniň çäginiň gündogar böleginde ýerleşýän ýatagy işläp taýýarlamak boýunça taslamanyň birinji tapgyry durmuşa geçirildi. 

2018-nji ýylda bu ýerde gaz ýygnaýjy bekediň, turbageçirijiniň, gazy deslapky taýýarlaýan enjamyň we beýleki düzümleýin desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy. Ýapgyt guýularyň altysy ulanyşa taýýar edildi, olaryň synag edilişiniň barşynda gazyň ýokary debitli akymlary alyndy. Şu ýylyň ýanwarynda bu ýerde ýokary hilli harytlyk gazyň ilkinji tapgyry öndürildi. 

2019-njy ýylyň ahyrynda «B» blogyň gündogar böleginde çig maly senagat taýdan gazyp almaga girişmek meýilleşdirilýär. Garaşylyşy ýaly, taslamanyň birinji tapgyrynyň amala aşyrylmagy ýylda 1,7 milliard kub metr gazy öndürmegi üpjün eder. «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn gaz ýatagynyň çäginden häzirki wagta çenli Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisinden iberilen «mawy ýangyjyň» umumy möçberi 82 milliard kub metrden gowrakdyr. 

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory bu ýere ýygnananlara ýurdumyzyň nebitgaz senagaty üçin bu ulgamda işgärleriň taýýarlanylyşy we halkara hyzmatdaşlygyň alnyp barlyşy barada anyk habar berdi. 

X Halkara gaz kongresiniň çäklerinde daşary ýurtly telekeçileriň we Türkmenistanyň nebitgaz pudaklaýyn edaralarynyň we konsernleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda köp sanly işjeň duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda ýurdumyzyň gaz senagatynyň dürli ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça anyk teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Forumyň ahyrynda kongrese gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Ýüzlenmede ählumumy energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň wajyp meseleleri boýunça netijeli gepleşikleri geçirmek mümkinçiliginiň döredilendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirilip, bularyň şu ulgamda bar bolan işewür gatnaşyklary giňeltmäge hem-de täze gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berjekdigi nygtaldy.