GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ WISE-PREMÝER-MINISTRI TÜRKMENISTANA GELDI

2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Gyrgyz Respublikasynyň Wise-premýer-ministri Ž.P.Razakowyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň wekiliýeti 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. 

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Wise-premýer-ministri Ženiş Razakow bilen duşuşygy geçirildi.   

Duşuşygyň barşynda taraplar ykdysadyýet, söwda, bilim hem-de medeniýet ulgamlardaky türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri we geljegi barada pikir alyşdylar. Sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam edýän GDA-nyň çäklerindäki özaragatnaşyklaryň wajyp orny bellenip geçildi.