ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ WISE-PREMÝER-MINISTRI TÜRKMENISTANA GELDI

2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Ermenistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri M.G.Grigorýanyň ýolbaşçylygyndaky bu ýurduň wekiliýeti 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda türkmen paýtagtynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine geldi.

Günüň ikinji ýarymynda Ermenistanyň Wise-premýer-ministri Mger Grigorýanyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi. 

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar halkara guramalarynyň çäklerinde iki  ýurduň özarahereketlerini işjeňleşdirmegiň zerurlygyny nygtadylar, şeýle hem GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligini belläp geçdiler.