TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ HER ÝYLKY DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylky duşuşygyna gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar sebitdäki hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, halkara guramalarynyň çäginde hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Mejlisiň gün tertibinde halkara, sebit howpsuzylygyna we durnuklylygyna howp salýan terrorçylyk, radikalizm we ekstremizm ýaly wehimlere garşy göreşmegiň meseleleri girizilipdir. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitdäki howplara we wehimlere garşy bilelikdäki hereketleri hem-de Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Diplomatlar umumy tebigy baýlyklary peýdalanmakda sebit hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini we onuň üsti bilen bu ugurda BMG-niň ýardamy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmekde pikir alyşdylar.

Wekiliýet ýolbaşçylary Owganystandaky ýagdaýy parahatçylyk ýoly bilen çözmekde ýardam bermek barada hem-de Merkezi Aziýada we Owganystanda Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň we BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň goldawy bilen geljekde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we öňüni alyş işleriniň wajyplygyny bellediler.

Şeýle-de Daşkentdäki her ýylky duşuşygyň çäklerinde, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary E.Aşikbaýew bilen hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Nahid Esar bilen duşuşyklary boldy.