TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA “DEŇIZ GIŇIŞLIKLERINI ÇÄKLENDIRMELERIŇ ATLASYNYŇ” TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

2019-njy ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Deňiz giňişliklerini çäklendirmeleriň atlasy” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň, ýurdumyzyň dürli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, ylmy we okuw edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktau şäherinde geçirilen Bäşinji Hazar sammitinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň Prezidentleri Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy baradaky Konwensiýa gol çekdiler. Konwensiýa deňziň akwatoriýasynyň içki suwlara, territorial suwlara, balykçylyk zolaklara we umumy suw giňişliklerine çäklendirmelerini göz öňünde tutýar şeýle-de deňiz giňişlikleriniň hukuk ýagdaýyny kesgitleýär.

Gepleşikler üçin habar beriji we suratly maglumatlary taýýarlamak, şeýle-de deňiz giňişlikleriniň çäklendirmeleri bilen bagly meseleleri öwrenmek maksady bilen, Türkmenistanyň Hazar deňzi instituty, Türkmenistanyň Goranmak ministrligi we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa kafedrasy bilelikde “Deňiz giňişliklerini çäklendirmeleriň atlasyny” taýýarladylar.

Atlas ähli ummanlary gurşap alýar. Neşir üç tomdan ybarat bolup, türkmen we rus dillerinde taýýarlanylandyr. Atlasda territorial deňizleriň, ýanaşýan zolaklaryň, adaty däl ykdysady zolaklaryň, yklym şelfleriniň, balykçylyk zolaklaryň, göni çykyş liniýalaryň we gorlaryň bilelikde özleşdirme zolaklarynyň serhetleri we daşky çäkleri görkezilendir. Bu çäklendirmeleriň esasy bolup durýan resminamalaryň atlary we kabul edilen seneleri hem görkezilendir.

Atlasyň döredilýän wagtynda, 2016-njy ýylda Malta Respublikasynda geçirilen deňiz çäklendirmeleri meseleleri boýunça ýörite okuw maslahatynyň dowamynda onuň görkezme tanyşdyrylyşy geçirildi. Bu çäräniň netijesinde halkara deňiz hukugy boýunça bilermenler Atlasyň deňiz çäklendirmeleri boýunça gepleşikleriň dowamynda hem-de degişli ugurlar boýunça bilermenlere hünär kämilleşdirmek üçin gollanma hökmünde ulanylmagynyň peýdalydygy barada öz pikirlerini aýtdylar.

Atlas halkara deňiz hukugyny öwrenýän  ylmy işgärler, aspirantlar, mugallymlar we talyplar şeýle-de deňiz giňişliklerini çäklendirme meseleleri bilen meşgullanýan bilermenler tarapyndan ulanylyp bilner.