GAZAGYSTANDA BMG-NIŇ ARAL DEŇZINIŇ BASSEÝNI ÜÇIN ÝÖRITE MAKSATNAMASYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 18-19-njy dekabrynda Almaty şäherinde “Suw serişdelerini durnukly dolandyrmak ulgamynda innowasion ýollar we çözgütler hem-de olary Merkezi Aziýanyň şertlerinde ulanmak mümkinçiligi” atly sebitleýin maslahat geçirildi.

Maslahatda suw serişdelerini dolandyrmak ulgamynyň 150-den gowrak bilermenleri ýygnandylar we onuň işine Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň wekilleri, döwlet edaralarynyň, suw serişdelerini dolandyrmak ulgamynyň ygtyýarly wekilleri, alymlar, bilermenler, halkara maliýe guramalarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Howanyň üýtmegi we suw serişdelerini dolandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň çäklerinde BMG-niň Aral deňziniň basseýni üçin Ýörite maksatnamasynyň (UN SPAS) tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Aral deňziniň basseýni üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek boýunça başlangyjy açylyp görkezildi. Çykyşyň ýany bilen “BMG-AHHG” formatynda geçiriljek köptaraplaýyn geňeşmelere taýýarlyk görmäge gönükdirilen we BMG-niň Aral deňziniň basseýni üçin Ýörite maksatnamasynyň işe girizilmegi bilen bagly Türkmenistan tarapyndan meýilleşdirilýän esasy ädimleri açyp görkezýän wideofilm hem görkezildi.

Çykyşda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk edýän döwlet hökmündäki orny we BMG-niň Aral deňziniň basseýni üçin Ýörite maksatnamasynyň formatyny kesgitlemek boýunça geljekki köptaraplaýyn geňeşmeleriň ähmiýeti barada bellenilip geçildi.