DÖM-NYŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGI BOÝUNÇA IŞ TOPARYNYŇ WE BMG-NIŇ AGENTLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ BILELIKDÄKI MEJLISI

2019-njy ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde maglumatlaryň ýygnalmagy we ýaýradylmagy boýunça teklip edilýän platformanyň deslapky görnüşiniň görkezilmegi maksady bilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ornaşdyrylmagy boýunça Iş toparynyň we BMG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaçylary, BMG-niň agentlikleriniň we düzüm birlikleriniň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda DÖM-nyň maglumat binýadynyň işlenilip düzülmegi boýunça BMG-niň statistika bölüminiň missiýasynyň netijeleriniň we teklipleriniň görkezilişi, DÖM-nyň teklip edilýän platformasynyň deslapky görnüşiniň we ministrlikler hem-de BMG-niň agentlikleri tarapyndan berilmegi zerur bolan kömeginiň görkezilişi, Türkmenistanyň global derejede DÖM-ry boýunça gazanan ösüşleri we DÖM-nyň global maglumat binýadynda Türkmenistanyň maglumatlarynyň neşir edilmegi üçin zerur bolan çäreleriň görkezilişi geçirildi. 

Çykyşlaryň barşynda netijeli özarahereketleri ulgamlaýyn esasda durmuşa geçirýän Türkmenistanyň özi üçin geljek 15 ýyl üçin durnukly ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlän sebitiň ilkinji döwletleriniň biri bolup durýandygy aýratyn nygtaldy. Şeýle-de Türkmenistanyň global derejede DÖM-nyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ulgamynda BMG-niň ornaşdyrmak, pugtalandyrmak we goldaw bermek boýunça missiýasynyň geçiriljek ýurtlaryň sanawyna girizilendigi hem bellenilip geçildi.