TÜRKMENISTANYŇ ÝUNESKO BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ TÄZE TAPGYRLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ÝUNESKO-nyň Tähran şäherinde ýerleşýän Klaster edarasynyň Başlygy jenap Swetan Swetkowski bilen duşuşdy.

Uşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň (ÝUNESKO) arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli hem-de umumydünýä gymmatlyklarynyň goragly saklanylmagyna, medeni-ynsanperwer özarahereketleriniň esasynda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ilerledilmegine aýratyn ygrarlydygy bellenilip geçildi. Hyzmatdaşlygyň geçen ýylyň dowamyndaky netijelerine, şol sanda türkmen halkynyň däp bolan halyçylyk sungatynyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna» girizilmegi bilen birlikde şu ýyl üçin täze teklipleri hem-de maksatnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.    

Türkmen medeniýetiniň we taryhynyň özboluşlylygy hakynda gürrüň etmek bilen, myhman ýurduň şu ýyl şanly 25 ýyllygyny belläp geçýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň derejesiniň özboluşlylygyny belläp geçdi we onuň hyzmatdaşlygyň oňyn ýollarynyň gözlenilmegi bilen, parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we durnuklylygyň saklanylmagyna gönükdirilendigini nygtady.

Taraplar Türkmenistanyň we ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.