Türkmenistanda ýokary derejeli maslahat geçirildi

2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda “Bitaraplyk syýasaty: Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly Halkara maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dürli ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, dünýäniň ýokary syýasy derejeli wekilleri, abraýly halkara we sebit guramalarynyň baştunanlary gatnaşdylar.