DIM-de Türkmenistanyň soňky syýasy wakalaryna bagyşlanan metbugat konferensiýasy geçirildi

2020-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurtda bolup geçen möhüm syýasy wakalara, hususan-da Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisiniň çäklerinde kabul edilen taryhy kararlara, şeýle-de halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanan metbugat konferensiýasy geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de milli metbugatymyzyň baş redaktorlary, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow golaýda geçirilen möhüm syýasy wakalaryň döwletiň we jemgyýetiň içerki ösüşi, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň halkara amallarynyň giňeldilmegi nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Daşary syýasat ugrunyň ýurduň syýasy we ykdysady durmuşynda amala aşyrylýan özgertmeler, syýasy ulgamyň kämilleşdirilmegi, umumymilli demokratiki kadalaryň we tejribeleriň ulanylmagy bilen berk baglanşykly bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

Şu ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň çäklerinde taryhy ähmiýetli kararlar kabul edildi, olaryň kabul edilmegine Türkmenistanyň halky gönüden-göni gatnaşandyr. Bu – täzelenen Konstitusiýa bolup, ol döwletiň halk häkimýetiniň kadalaryna we ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek görnetin tassyklaýandyr. Mejlisiň jemleri boýunça «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion Kanuny kabul edildi. Bu resminamanyň taslamasynyň dolulygyna ilatyň dürli gatlaklaryndan gelip gowuşan teklipleriň nazarda tutulmagynda işlenilip düzülendigini bellemek zerurdyr.

Şunuň bilen baglylykda, ýokarda görkezilen Konstitusion Kanuna laýyklykda Türkmenistanda kanun çykaryjy häkimýeti amala aşyrýan täze wekilçilikli edara – Milli Geňeş döredildi we ol iki palatadan – Halk Maslahatyndan hem-de Mejlisden ybaratdyr. Bu kanunda palatalaryň ikisiniň hem ygtyýarlyklary, olary döretmegiň we işlerini alyp barmagyň tertibi takyk kesgitlenendir.

Ministr şonuň ýaly-da geçirilen mejlisiň barşynda 2021-nji ýylda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna hem seredilendigini, şeýle-de hemişelik bitaraplyk hukuk derejesiniň çarçuwasynda ýurduň daşary syýasat ugrunyň esasy aýratynlyklarynyň beýan edilendigini belläp geçdi.

R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň gatnaşyjylaryna ýollan wideo-ýüzlenmesine hem aýratyn ünsi çekdi. Mälim bolşy ýaly, döwlet baştutany öz çykyşynyň dowamynda umumy ykrar edilen kadalaryň we ýörelgeleriň nazarda tutulmagy bilen, halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam edýän uniwersal gurluş hökmünde BMG-niň ornunyň aýratyn ähmiýetini nygtady. Türkmenistan parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň gazanylmagynda BMG we beýleki abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň saklanylmagyna ygrarlydyr.

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyndan başga-da, metbugat konferensiýanyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew we DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew dagylar hem çykyş etdiler. Olar kabul edilen Konstitusion kanunyň ähmiýetini nygtamak bilen, hukuk özgertmeleriniň kabul edilmegi babatynda öz nukdaýnazarlaryny beýan etdiler we olaryň taryhy özboluşlylygyny belläp geçdiler.

Öz çykyşynda Ý.Nuryýew täze konstitusion özgertmelerde kanun çykaryjy häkimýetiň bitewiligini şöhlelendirýän türkmen parlamentarizminiň modeliniň konseptual çemeleşmeleriniň özüniň aýdyň beýanyny tapandygyny we olar ilatyň ähli gatlaklarynyň gyzyklanmalaryny, syýasy köpdürliligiň we köp partiýalylygyň ýörelgelerini doly beýan edýändigini aýratyn belledi.

J.Gurbangeldiýew öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurtda durmuşa geçirilýän konstitusion özgertmeleriň taryhy dowamatyna aýratyn üns çekdi hem-de Milletiň Lideriniň öz eserlerinde, ylmy işlerinde biziň ata-babalarymyzyň adamzadyň syýasy, durmuş we medeni ösüşine goşan gymmatly goşandyny giňişleýin açyp görkezýändigini hem-de olary ylmy taýdan esaslandyrýandygyny belläp geçdi.

Metbugat maslahatyny jemlemek bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministri ýurduň konstitusion kadalaryndan we «Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin konsepsiýasyndan» gelip çykýan daşary syýasatynyň esasy wezipelerden ugur almak bilen, Türkmenistanyň mundan beýläk hem halkara hukugynyň ýörelgelerine esaslanýan durnukly, adalatly we demokratik dünýä düzgüniniň gurulmagyna işjeň gatnaşmagyny dowam etdirjekdigini aýratyn belledi.