Türkmenistanyň Ilçisi Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentine özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy

2020-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ş.Jumaýewiň Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselu Rebelu de Souza özüniň ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. 

Dabaranyň barşynda Portugaliýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa öz mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.   

Şeýle hem Marselu Rebelu de Souza iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde portugal tarapynyň uly isleginiň bardygyny nygtady.