TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Altynjy Sammitine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy.

Birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, söhbetdeşler ýüzbe-ýüz duşuşyp, döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we onuň geljekki ösüşini, şeýle hem iki ýurduň kanunçykaryjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiliginiň dörändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Eýranyň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy 65 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglygyny, uzak ömür we abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi. Belent mertebeli myhman Eýranyň Beýik Ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň hormatly Arkadagymyza tüýs ýürekden aýdan hoşniýetli arzuwlaryny ýetirip, EYR-nyň Türkmenistan bilen ýakynlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy berkitmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Halk Maslahatynyň Başlygy dostlukly ýurduň Beýik Ruhy Liderine mähirli jogap sözlerini aýtdy. Eýranyň halky bilen türkmen halkyny gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan taryhy-medeni däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler dürli derejede geçirilýän duşuşyklarda we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna ýaňy-ýakynda bolan resmi saparynyň dowamynda gazanylanlary nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejelere çykarmak üçin häzirki döwürde giň mümkinçilikleriň açylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.