RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Iýun

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe we kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada bilen duşuşdy. Milli Liderimiz myhmanlary mübärekläp, şu saparyň çäklerinde geçiriljek duşuşyklaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary, hususan-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge i...

DOWAMY
pic
27 Iýun

«Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» ýapon kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tasuýa Watanabeniň ýolbaşçylygyndaky  wekiliýetiň agzalary bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary we özara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen ýo...

DOWAMY
pic
27 Iýun

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 26-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler bilen duşuşyk geçirdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkiýede daşary syýasatyny oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda amala aşyrýan Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiý...

DOWAMY
pic
26 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministrini kabul etdi

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Husseini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza öz ýurdunyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň - Prezident Asif Ali Zardariniň we Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Ser...

DOWAMY
pic
26 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

024-nji ýylyň 26-njy iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan - BAE» işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marrini kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, BAE-de doganly...

DOWAMY
pic
26 Iýun

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Gazagystan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Askar Tažibaýew bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meselelere garaldy. Duşuşygyň ahyrynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ikitaraplaýy...

DOWAMY
pic
26 Iýun

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Pakistanyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussein bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy, türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Taraplar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika, senagat, ulag we aragatnaşyk ugurlaryndaky netijeli hyzmatd...

DOWAMY