SOŇKY HABARLAR
BAE-niň energetika we infrastruktura ministri bilen duşuşyk barada
2023-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al-Mazrui bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem geljekki özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. R.Meredow iki döwletiň ýolbaşçylarynyň arasyndaky birek-birege ynanyşmak dialogyna esaslanýan türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň çalt...
Türkmenistan Ýewropa-Kawkaz-Aziýa Halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşuldy
2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistan 1988-nji ýylyň sentýabrynda Baku şäherinde kabul edilen Ýewropa-Kawkaz-Aziýa Halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşuldy. Resminamanyň maksady Ýewropa sebitinde, Gara deňizde, Kawkazda, Hazar deňzinde we Aziýada ykdysady gatnaşyklary, söwda we ulag aragatnaşygyny ösdürmekden, şeýle hem harytlaryň halkara gatnawyny öňe sürmek we ýeňilleşdirmek, hereketleriň howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag syýasatyny sazlaşdyrmak...
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretaryny kabul etdi
2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary Ma Sinžuýy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň we HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Ola...
Сообщение для СМИ
16 ноября 2023 года в МИД Туркменистана состоялся брифинг, посвящённый итогам участия делегации Туркменистана в работе 44-й сессии Рабочей группы по Универсальному периодическому обзору (УПО) Совета по правам человека ООН. В брифинге приняли участие руководители МИД Туркменистана, сотрудники дипломатических миссий иностранных государств и представительств международных организаций, аккредитованных в Туркменистане, а также иностранные и туркменские журналисты. В ходе брифинга участники были...
Türkmen-hytaý strategiki hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Sinzýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary Ma Sinžuýyň ýolbaşçylygyndaky Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti bilen söhbetdeşlik geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň geriminiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem döwlet Baştutanlarynyň s...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ekologiýa, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi barada pikir alşyldy we geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Ministriň belleýşi ýaly, Türkmenistan howanyň üýtge...
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça komitetleriň başlyklary R.Meredowyň we H.Tsubaýyň arasynda söhbetdeşlik geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibiniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljegi barada giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi. R.Meredow Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly we uzakmöhletleýin häsiýetini belledi...