RSS

SOŇKY HABARLAR

18 Sen

Türkmen-mongol gün tertibiniň wajyp meselelerine garaldy

2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Mongoliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Dorj Baýarhuu bilen duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary syýasy edaralarynyň üsti bilen ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýlä...

DOWAMY
18 Sen

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Iwan Wolynkin bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugur...

DOWAMY
18 Sen

Türkmenistanyň DIM-nde ABŞ-niň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-niň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen bir hatarda taraplar Merkezi Aziýa ýurtlaryny we ABŞ-ny öz içine alýan «C5+1» formatynyň çägindäki hyzmatdaşly...

DOWAMY
18 Sen

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen dușuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky hyzmatdaşlygyň netijeligini bellediler. Şu ýyl meýill...

DOWAMY
18 Sen

Türkmen wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran sapary hakynda

2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda türkmen wekiliýetiniň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Baş konferensiýasynyň 68-nji sessiýasyna gatnaşmagynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bu sessiýanyň umumy mejlisinde çykyş etdi. M.Bäşimowa öz çykyşynda Türkmenistan bilen IAEA-nyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyň netijesinde ileri tutulýan ugurlar boýunça dürli derejelerde geňeşmeleri geçirmek tejribesiniň ýola goýulandygyny belledi. Türkmenis...

DOWAMY
18 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Astana şäherinde Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinden Prezident Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni ýokary derejeli duşuşygyň...

DOWAMY
17 Sen

Türkmenistan we Germaniýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegi goldaýarlar

2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherine iş saparyny amala aşyrýar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolsyň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşler ynanyşykly we özara hormat goýmak esasynda üstünlikli ösdürilýän netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri...

DOWAMY