RSS

SOŇKY HABARLAR

14 Maý

ÝEREWANDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ýerewan döwlet uniwersiteti bilen bilelikde bu ýokary okuw mekdebinde «Hazar deňzi - mümkinçilikleriň deňzi» atly maslahat geçirildi. Bu maslahat 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyldy.  Dabaraly çärä Ermenistanda akreditirlenen daşary ýurtlaryň we halkara gurmalarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we...

DOWAMY
14 Maý

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarif bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar derwaýys meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ulgamlarynda özarabähbitli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ösdürilmegi boýunça tagallalaryny tassykladylar. Taraplar iki ýurduň halkara guramalaryny...

DOWAMY
13 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň aýdan mähirli salamyny ýetirdi. Olar ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigini nobatdaky gezek tassykladylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly döwletiň ýolbaşçylaryna özüniň...

DOWAMY
13 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ BAŞLYGY – ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK BOLDY

2019-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şu ýylyň 15-16-njy maýynda Aşgabatda geçiriljek GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV Forumyna, şeýle-de GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar GDA-nyň çäklerinde geçiriljek...

DOWAMY
13 Maý

TÜRKMENISTANYŇ GDA-DA BAŞLYKLYK ETMEKLIGIŇ ÇÄKLERINDE GEÇIRILJEK ÇÄRELER

2019-njy ýylyň 15-16-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmekligiň çäklerinde Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy hem-de GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisi geçiriler. Bu çäreleriň işine gatnaşmak üçin GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew Türkmenistana geler. Maksatnamanyň çäklerinde Türkmenist...

DOWAMY
11 Maý

TÜRKMENISTANYŇ EKOSOS-YŇ ÜÇ EDARASYNYŇ AGZALYGYNA SAÝLANMAGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT

2019-njy ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň EKOSOS-yň üç edarasynyň agzalygyna saýlanmagyna bagyşlanan «Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: strategiki hyzmatdaşlygyň täze belentlikleri» atly maslahat geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisiniň işiniň barşynda biziň ýurdumyz bu guramanyň üç sany möhüm edarasyna: 2020-2022-n...

DOWAMY
11 Maý

TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ YKDYSADY WE DURMUŞ GEŇEŞINIŇ EDARALARYNA SAÝLANMAGY MYNASYBETLI PRESS-RELIZ

2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisinde Türkmenistan onuň üç sany möhüm edarasyna: 2020-2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşine, 2020-2024-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş Komissiýasyna we 2020-2023-nji ýyllar üçin Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasyna saýlandy. Türkmenistanyň bu edaralaryň düzümine saýlanmagy biziň ýurdumyzyň dünýädäki a...

DOWAMY