SOŇKY HABARLAR
Ankara şäherinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy bilen Türkiýäniň Prezidentiniň arasynda duşuşuyk geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan iş sapary bilen Ankara şäherine gelen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýagözel Gulmanowany kabul etdi. Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Duşuşygyň...
Türkmenistan we Türkiýe parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirýärler
2025-nji ýylyň 24-25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkiýe Respublikasynda iş sapary bilen boldy. 24-nji fewralda D.Gulmanowa bilen Türk-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Haluk Ipegiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar....
В МИД Туркменистана прошли переговоры с делегацией Европейского парламента
25 февраля 2025 года в МИД Туркменистана состоялась встреча с делегацией Европейского парламента во главе с г-жой Джузеппиной Принчи, руководителем группы по сотрудничеству со странами Центральной Азии. В ходе переговоров стороны высоко оценили сотрудничество Туркменистана с Европейским парламентом. Было отмечено, что сегодня в конструктивном ключе прошло восьмое заседание между представителями Меджлиса Туркменистана и Европейского парламента. Дана высокая оценка политике позитивного н...
HHR-yň Gansu welaýatynyň Halk hökümetiniň Daşary işler boýunça edarasynyň direktorynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Halk hökümetiniň Daşary işler boýunça edarasynyň direktorynyň orunbasary Çžao Szýun bilen duşuşyk geçirildi. Gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň depginli ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Tar...
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi
2025-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatimany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirilen oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Döwlet Baştutanymyza we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň...
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna bagyşlanan çäre
2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Täjigistanyň Täjik milli uniwersitetinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna», Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna bagyşlanan çäre geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan guralyp, oňa BMG-niň Täjigistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ramaswami Parwati, Täjigistanyň Ýazyjylar birleşigi...
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen Türkmenistanyň we BMG-niň bilelikdäki çäreleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada ilkinji gezek sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň dürli ugurlar boýunça ýöriteleşd...