RSS

SOŇKY HABARLAR

19 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK DÖWLETLERIŇ HALKARA ULAG MASLAHATYNYŇ NETIJELERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň Halkara maslahatynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Aşgabatda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtly habarçylar, şeýle hem milli habar b...

DOWAMY
17 Awg

TÜRKMENISTANDA ÜSTAŞYR GEÇIRMEK BOÝUNÇA ÄHLUMUMY RESMINAMANYŇ TASLAMASYNA BADALGA BERILDI

2022-nji ýylyň 17-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga bermek dabarasy geçirildi. Multimodal gatnawlary ösdürmekde köpugurly sanly çözgüt bolup durýan Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminama (Global Transit Document) Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Halkara ulag diplomatiýasy merkezi, GDA-nyň agza ýur...

DOWAMY
17 Awg

AWAZADA ULAG ULGAMYNA DEGIŞLI HALKARA FORUMYŇ NETIJELERI BOÝUNÇA BRIFING GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 17-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň “Berkarar” myhmanhanasynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň hem-de oňa gabatlanyp guralan çäreleriň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. «Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek» diýen ugur boýunça forum Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guraldy. Daşary işler ministrligi tara...

DOWAMY
17 Awg

TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ ÝANYNDAKY HEMIŞELIK WEKILI A.ATAÝEWANYŇ WE ABŞ-NIŇ BMG-DÄKI HEMIŞELIK WEKILI L.TOMAS-GRINFILDIŇ ARASYNDA DUŞUŞYK

2022-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewanyň ABŞ-niň BMG-däki Hemişelik wekili Linda Tomas-Grinfild bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda BMG-niň BA-nyň öňümizdäki 77-nji sessiýasy hem-de iki ýurduň BMG-de ileri tutýan ugurlary we BMG-däki özgertmeler bilen bagly meseleler boýunça netijeli pikir alşyldy. Türkmenistanyň Ilçisi söhbetdeşligiň başynda BMG-niň BA-nyň «Merkezi Az...

DOWAMY
16 Awg

TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYÇLARY ULAG ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE MÜMKINÇILIKLERINI AÇÝAR

16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat öz işini tamamlady. “Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek” atly maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guraldy. “Ulag geçelgelerini ösdürmek, sebitara baglanyşyk, toplumlaýyn multimodal ulag ulgamlary we ulag bilen söwdanyň üznüksiz baglanyşygy”, “Kämil üstaşyr...

DOWAMY
16 Awg

ULAG MINISTRLERINIŇ DEREJESINDÄKI HALKARA MASLAHATYŇ ÇÄKLERINDE MÖHÜM ÇÄRELER GEÇIRILDI

16-njy awgustda günüň birinji ýarymynda “Berkarar” myhmanhanasynda “Merkezi Aziýa - Ýakyn Gündogar - Afrika: ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly ulag ministrleriň derejesindäki duşuşyk geçirildi. Onda bu sebitlere girýän ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň hem-de üstaşyr döwletleriň ulag arabaglanyşygyny üpjün etmek üçin döwrebap ulag düzümini döretmek boýunça iri taslamalary durmuşa g...

DOWAMY
16 Awg

DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN DÖWLETLERIŇ ULAG MINISTRLERINIŇ DEREJESINDÄKI HALKARA MASLAHATYŇ JEMLEÝJI BEÝANNAMASY

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrleri hem-de ýokary wezipeli wekilleri 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda beýleki gyzyklanma bildirýän degişli taraplaryň, üstaşyr, ösüş boýunça hyzmatdaş ösüp barýan döwletleriň, Birleşen Milletler Guramasynyň, halkara, sebit hem-de sebitara guramalarynyň, sebit ösüş banklarynyň, seljermeler merkezleriniň, hususy bölümiň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň gatnaşmagynda Awazada (Türkmenistan, Türkmenbaşy şäheri) ýüzbe-ýüz (hem-de wi...

DOWAMY