RSS

SOŇKY HABARLAR

7 Sen

TÜRKMENISTAN WE HHR IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY MUNDAN BEÝLÄK-DE GÜÝÇLENDIRMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetiniň Ýewraziýanyň işleri boýunça Ýörite wekili Li Hueý bilen duşuşdy. Işjeň gepleşikleriň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesi beýan edildi. Sebit we halkara formatlaryň çäginde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenild...

DOWAMY
6 Sen

HHR-NYŇ HÖKÜMETINIŇ ÝEWRAZIÝANYŇ IŞLERI BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetiniň Ýewraziýanyň işleri boýunça Ýörite wekili Li Hueýiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar strategiki häsiýete eýe bolan  dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdiler.  Taraplar Türkmenistan bilen HHR-nyň arasyndaky syýasy-diplomatik...

DOWAMY
6 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de iri halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde dostlukly, oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary...

DOWAMY
6 Sen

AŞGABATDA “GARAŞSYZ TÜRKMENISTAN HALKARA HABARLAR GIŇIŞLIGINDE” ATLY HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde” atly halkara maslahat geçirildi. Halkara mediaforumyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergidäki gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen Daşary işler ministrliginiň guramagynda geçirilen maslahatyň maksady Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary iç...

DOWAMY
6 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ BEÝANATY

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Russiýanyň diplomatik wekilhanasynyň işgärleriniň we Owganystanyň raýatlarynyň ölümine sebäp bolan Russiýa Federasiýasynyň Kabuldaky Ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň golaýynda 2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda edilen terrorçylykly hereketi berk ýazgarýar. Türkmenistan, terrorçylyga garşy halkara göreşe işjeň gatnaşyjy hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň terrorçylyga garşy göreşmek ugrundaky tagallalaryny has-da berkitmäge çagyrýar. Türkmenistanyň Daşar...

DOWAMY
5 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki döwletleriň guramasynyň Baş Sekretary Bagdad Amreýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen bu Guramanyň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, hususan-da howpsuzlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda Türkmenistanyň Türki döwletleriň guramasynyň ýanyndaky halkara düzümleriň...

DOWAMY
5 Sen

TÜRKMENISTANDAN PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNA YNSANPERWER KÖMEGI GELDI

5-nji sentýabrda irden ynsanperwer ýük bilen «Ил-76» kysymly ýük daşaýan türkmen uçary Pakistan Yslam Respublikasynyň Sind welaýatynyň Karaçi şäheriniň howa menziline gondy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Pakistan Yslam Respublikasynda soňky wagtlarda bolýan köpsanly adam pidalaryna we uly möçberli weýrançylyklara getirýän tebigy betbagtçylyklar bilen baglylykda dostlukly pakistan halkyna ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, degişli derman we lukm...

DOWAMY