SOŇKY HABARLAR
Türkmen wekiliýeti Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 4–5-nji fewralynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy. Foruma söwda, ykdysady, maýa goýum we tehnologik hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümet işgärleri we işewür wekilleri ýygnandylar. Çäräniň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň B5+1 formatynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge gyzyklanma b...
Türkmenistan we BAE ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýär
2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik hem-de söwda-ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy....
Türkmenistanyň DIM-inde Malaýziýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine, şol sanda köptaraplaýyn meýdançalarda iki ýurduň b...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Bütindünýä hökümet sammiti – 2026-daky ÇYKYŞY
(Dubaý ş., 2026-njy ýylyň 3-nji fewraly) Hormatly Sammite gatnaşyjylar, Hanymlar we jenaplar, Häzirki wagtda ählumumy dolandyryş we netijeli ýolbaşçylyk meseleleri halkara hyzmatdaşlyklaryň we bileleşikleriň ulgamyny düýpli özgerdýän barha artýan ählumumy täzeleniş şertlerinde ara alnyp maslahatlaşylýar. Dünýä geosyýasy, ykdysady, howa we tehnologik krizisleriň utgaşykly täsirine sezewar bolýar. Şeýle şertlerde hyzmatdaşlyk gurallarynyň netijeliligi diňe bir ýüze çykýan wehimler...
Состоялась встреча глав внешнеполитических ведомств Туркменистана и ОАЭ
3 февраля 2026 года Заместитель Председателя Кабинета Министров Туркменистана, Министр иностранных дел Рашид Мередов встретился с Заместителем Премьер-министра, Министром иностранных дел ОАЭ Шейхом Абдуллой бин Зайедом Аль Нахайяном. В ходе встречи стороны обсудили широкий круг вопросов, касающихся дальнейшего развития туркмено-эмиратских связей в политико-дипломатической и торгово-экономической областях. Глава внешнеполитического ведомства Туркменистана подчеркнул значимость нынешнего Все...
В Дубае обсуждены вопросы туркмено-эмиратского сотрудничества в сфере энергетики
3 февраля 2026 года в Дубае Министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов встретился с Министром промышленности и передовых технологий Объединённых Арабских Эмиратов, генеральным директором Национальной нефтяной компании Абу-Даби (ADNOC) Солтаном Ахмедом Аль-Джабером. В ходе беседы стороны отметили конструктивный характер сотрудничества между Туркменистаном и ОАЭ в газовой сфере. Стороны рассмотрели ход реализации текущих проектов, а также обсудили потенциальные направления сотруднич...
Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 3–5-nji fewraly aralygynda Dubaý şäherinde geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar. Sammitiň işine 30-dan gowrak döwlet we hökümet ýolbaşçylary, 150-ä golaý hökümet wekiliýeti, şeýle hem dünýä kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryndan, halkara maliýe guramalarynyň we bilim edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan jemi 6 m...