SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÄZE BELLENEN NIDERLANDLAR PATYŞALYGYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILIDI
2023-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky täze bellenen (oturýan ýeri Astana şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Andre Karstens bilen duşuşygy geçirildi. W.Hajiýew Ilçini wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Syýasy-diplomatik gepleşikleri giňeltmekde halkara guramalaryň çäginde işjeň gatnaşyk...
AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ÝEWROPA WE HALKARA IŞLER BOÝUNÇA FEDERAL MINISTRI BILEN ONLAÝN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Aleksander Şallenberg bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Gepleşigiň barşynda türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň şu günki ýagdaýy we geljegi barada ähmiýetli pikirler alyşyldy. Ýokary we iň ýokary derejelerdäki saparlaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmekdäki möhüm ähmiýetini bellediler. Şeýle hem iki ýurd...
TÜRKMENISTANDA ÝUNESKO-NYŇ KAFEDRALARYNY DÖRETMEK BARADAKY ŞERTNAMALARA GOL ÇEKIŞLIK DABARASY
2023-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň käbir ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO-nyň kafedralaryny döretmek baradaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişmegiň resmi dabarasy geçirildi. Bu çärä Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Magtymguly adyndaky TDU-nyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň rektorlary, ÝUNESKO-nyň we ÝUNESKO-nyň işi boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň ýolbaşçy wekiller...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “GAZPROM” AÇYK GÖRNÜŞLI PAÝDARLAR JEMGYÝETINIŇ MÜDIRIÝETINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Russiýa Federasiýasynyň iri energetika kompaniýasynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildir...
AŞGABATDA EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ÝÖRITELEŞDIRILEN YKDYSADY SERGISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi öz işine başlady. Sergi ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde guraldy. Bu sergi dostlukly ýurt bolan Eýranyň ylmy-senagat işläp taýýarlamalar we tehnologiýalar pudagyndaky iň täze gazanan üstünliklerini görkezmegiň oňat mümkinçiligi bolup, goňşy ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlaryny giňden beýan etdi. Şu gezekki gözden geçirilişe gatnaşmak üçin düzüminde 70-e golaý...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE EÝRANYŇ KOOPERATIWLEŞMEK, ZÄHMET WE DURMUŞ ABADANÇYLYGY MINISTRI BILEN DUŞUŞYK
2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Kooperatiwleşmek, zähmet we durmuş abadançylygy ministri jenap Soulat Mortazawiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde soňky ýyllarda özgermegini dowam edýän giň tejribä we deňhukuklyga, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE AWSTRALIÝANYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew paýtagtymyza iş sapary bilen gelen Awstraliýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Greým Miham Lesli bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda, Awstraliýanyň Ilçisi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny Daşary işler ministrliginiň orunbasaryna gowşurdy. W.Hajiýew Ilçini bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek hem-de özgertmek işinde ü...