RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Dek

Сообщение для СМИ

28 декабря состоялся телефонный разговор между Национальным Лидером туркменского народа, Председателем Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедовым и Председателем Совета Федерации Федерального собрания Российской Федерации Валентиной Матвиенко. Собеседники обменялись теплыми поздравлениями и наилучшими пожеланиями в связи с приближающимся Новым годом, подтвердили обоюдную приверженность укреплению и расширению отношений стратегического партнерства между Туркменистаном и Российско...

DOWAMY
pic
27 Dek

Magtymguly Pyragynyň italýan dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy

2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň italýan dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri, milli we daşary ýurt diplomatik gulluklarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyryş...

DOWAMY
pic
27 Dek

Türkmenistanyň DIM-nde 2025-nji ýylda Diplomatik gullugyň esasy wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-nde ministrligiň ýolbaşçy düzüminiň we işgärleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen ýylyň deslapky netijelerini gözden geçirdiler. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň...

DOWAMY
pic
27 Dek

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy

2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Täze ýylyň öňüsyrasynda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti, Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň hem-de Özbegistanda işleýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, dostlukly ýurduň ministrlikleriniň, jemgyýetçili...

DOWAMY
pic
26 Dek

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň halkara bölüminiň müdiriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň halkara bölüminiň müdiriniň orunbasary Çen Çžouň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-hytaý köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gepleşikleri işjeňleşdirmekde iň ýokary derejedäki duşuşyklaryň möhüm ähmiýete eýedigi, olaryň türkmen-hytaý gatna...

DOWAMY
pic
26 Dek

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Sankt-Peterburg şäheriniň «Pulkowo» Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar. Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti «Igora» gyşky sport oýunlary toplumynyň Buz...

DOWAMY
pic
25 Dek

Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň hytaý dilindäki ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň hytaý dilindäki ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, inst...

DOWAMY