SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň DIM-de türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi
2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa departamentiniň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary bölüminiň başlygy Tomiýamo Mikitonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň başynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň ýeten sepgitleri barada pikir alyşdylar. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda amala aşyrylýan dürli der...
Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi
2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň bilelikde gurnamaklarynda «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli diplomatiýanyň dabaralanmagy» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärler...
Germaniýada Türkmen-german işewürler maslahaty geçirildi
2019-njy ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetininiň Başlygynyň Orunbasary, Söwda we ykdysadyýet boýunça Türkmen-german iş toparynyň türkmen tarapyndan başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Türkmen-german işewürler maslahatyna gatnaşdy. Işewürler maslahatynda German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy başlygy Mihael Harms hem-de Germaniyanyň degişli hökümet we hususy guramalaryň wekilleri çykyş etdi. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Germa...
Türkmenistanda birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegine ýokary derejede taýýarlyk görülýär
Hazar ykdysady forumyny ýokary derejede geçirmek üçin görülýän taýýarlyklaryň çäklerinde 2019-njy ýylyň 5-nji fewralynda paýtagtymyzda birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan media-forumy hazarýaka döwletleriň halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirildi. Mälim bolşy ýaly, ýylyň başyndan bäri degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde bu forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen kons...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa iş sapary
2019-njy ýylyň 11–14-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunabasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Germaniya Federatiw Respublikasynda iş saparynda bolýar. Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, wekiliýet Türkmen-german işewürler forumyny hem-de milli ykdysadyýetiň degişli pudak edaralarynyň wekilleriniň Germaniýanyň degişli hökümet we hususy guramalary bilen gepleşikleri geçirmekden ybarat. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky...
Türkmenistanyň ÝHHG-niň ýanyndaky wekiliýeti «Türkmenistanyň howpsuzlyk babatda ileri tutýan ugurlary» boýunça beýannama bilen çykyş etdi
2019-nji ýylyň 11-nji fewralynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Howpsuzlyk komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri «Türkmenistanyň howpsuzlyk babatda ileri tutýan ugurlary» boýunça beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada, Türkmenistan öz işinde bitaraplyk, goşulyşmazlyk, dawalary hem-de gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy serişdeler bilen çözmäge ygrarlylyk ýörelgelerine berk eýermeginden ugur alýar. Türkmenistan ýaragsyzlanmak, köpçülikl...
DÖM ulgamynda Türkmenistanyň Meýletin milli synyny taýýarlamak boýunça Pudagara toparynyň Mejlisi geçdirildi
2019-njy ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurtda Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmek ulgamynda Türkmenistanyň Meýletin milli synyny taýýarlamak boýunça Pudagara toparynyň Mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçy düzümi, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, şeýle hem BMG-niň düzüm birlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň maksady DÖM ulgamynda Türkmenistan...