RSS

SOŇKY HABARLAR

9 Noý

TÜRKMENISTAN PALESTINA DÖWLETINE YNSANPERWERLIK KÖMEGINI IBERDI

Giň gerimli, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda ynsanperwer ugurly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Asyrlaryň dowamynda halkymyz parahatçylyk söýüjilik, raýdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek...

DOWAMY
8 Noý

AŞGABAT ŞÄHERINE BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriň toruna “Dizaýn” ugry boýunça girizilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň we Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, mugallymlar we talyplar, metbugat wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daş...

DOWAMY
8 Noý

TÜRKMENISTAN «G7» WE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Merkezi Aziýanyň we «Uly ýediligiň» («G7») ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna onlaýn görnüşde gatnaşdy. Duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, şeýle hem Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Kanadanyň, ABŞ-nyň we Fransiýanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Çäre Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoko Kamikawanyň ýolbaşçylygynda geçdi....

DOWAMY
7 Noý

“NIPPON” GAZNASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistana sapar bilen gelen “Nippon” gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Ýuji Mori bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar babatynda netijeli hyzmatdaşlygy bellediler. Dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklar barada nygtaldy. Şol bir wagtyň özünde, türkmen tarapy köp ýyll...

DOWAMY
7 Noý

ÝAPONIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Sasaki Hirosi bilen duşuşdy we onuň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministr Ilçini jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen-ýapon gatnaşyklaryny has-da berkitmek üçin diplomatik işini ýerine ýetirmekde türkmen tarapynyň doly goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny nygtady. Duşuşykda diplomatlar wajyp ikitaraplaýyn gün tertibini ara alyp masl...

DOWAMY
6 Noý

TÜRKMEN-EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ HÄZIRKI MÖHÜM MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi Ministr ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň diplomatik işini ýerine ýetirmekde doly goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, halkara we sebit guramalarynyň çä...

DOWAMY
6 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI KÖPUGURLY DÖWÜRLEÝIN SYN BOÝUNÇA IŞ TOPARYNYŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 6-17-nji noýabry aralygynda Ženewada Köpugurly döwürleýin syn boýunça iş toparynyň 44-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilýän Türkmenistanyň 4-nji  synyna gatnaşdy. Agzalan çäräniň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti adam hukuklary ugrunda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça ýurdumyzyň syýasatynyň esasy ugurlary barada hasabat bilen çykyş etdi...

DOWAMY