SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «АWAZADA» BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda sebitiň ýurtlarynyň syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsa...
ПРЕЗИДЕНТЫ ТУРКМЕНИСТАНА И ТАДЖИКИСТАНА В «АВАЗЕ» ОБСУДИЛИ ПРИОРИТЕТЫ РАЗВИТИЯ ТУРКМЕНО-ТАДЖИКСКОГО СОТРУДНИЧЕСТВА
6 августа 2021 года в НТЗ «Аваза» в рамках очередной Консультативной встречи Глав государств Центральной Азии Президент Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедов провел встречу с Президентом Республики Таджикистан Эмомали Рахмоном. В ходе переговоров еще раз подтверждена заинтересованность сторон в дальнейшем развитии туркмено-таджикских отношений в политико-дипломатической, торгово-экономической и культурно-гуманитарной областях. Также состоялся обмен мнениями по ключевым аспектам регионал...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANDA KONSULTATIW DUŞUŞYKDA SEBIT KÄRDEŞLERI BILEN DUŞUŞAR
2021-nji ýylyň 5-nji awgustynda Prezident Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygyndaky Özbegistan Respublikasynyň hökümet wekiliýeti Türkmenbaşy şäherine geldi. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti 6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygyna gatnaşar. Özbegistanyň Baştutanynyň saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçiriler.
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGYNA GATNAŞMAK ÜÇIN TÜRKMENISTANA GELDI
2021-nji ýylyň 5-nji awgustda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana geldi. Gazagystanyň Baştutany 6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşar. Saparyň çäklerinde Prezident Kasym-Žomart Tokaýewyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn duşuşygyna garaşylýar.
GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI ÝOKARY DEREJELI BÄŞTARAPLAÝYN DUŞUŞYGA GATNAŞMAK ÜÇIN TÜRKMENISTANA GELDI
Şu gün, 5-nji awgustda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana geldi. Saparyň maksady 6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmakdan ybarat. Saparyň çäklerinde Prezident Sadyr Žaparowyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn duşuşygy meýilleşdirilýär.
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARYNY AMALA AŞYRÝAR
2021-nji ýylyň 3-nji awgustynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi. 4-nji awgustda saparyň resmi bölegi başlandy. Prezident Emomali Rahmonyň ulag kerweni Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk Meýdançasyna ugrady. Bu ýerde ýokary derejeli myhmany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, döwlet Baştutanlary özleri üçin ýörite niýetlenen ýere geçdiler. Bu ýerde Prezident Emom...
ÖZBEGISTANYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ORUNBASARY, MAÝA GOÝUMLAR WE DAŞARY SÖWDA MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2021-nji ýylyň 2-nji awgustynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Saparyň barşynda S.Umurzakowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar ýokary döwlet derejesindäki ygtybarly syýasy gepleşikler esasynda ilerledilýän döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary depginini kanag...