SOŇKY HABARLAR
“Çalyk Holding A.Ş.” Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyna gatnaşar
Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we “Çalyk Holding A.Ş.” kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Bellenilişi ýaly, bu gezekki duşuşyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Energetika ministrligi tarapyndan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň ugry boýunça güýj...
Türkmenistanyň DIM-nde Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk
2017-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Muzaffar Husseinzoda bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplar hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary we iki ýurduň halkara guramalaryň çäklerinde k...
“Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi: sebitde parahatçylyk we gülläp ösüş maksatlarynda Merkezi Aziýa bilen 10 ýyl hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkeziň açylmagynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp “Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi: sebitde parahatçylyk we gülläp ösüş maksatlarynda Merkezi Aziýa bilen 10 ýyl hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine gatnaşmak üçin daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary we halkara guramalarynyň Türkmenistanda akkre...
Türkmenistanyň DIM-niň HGI-nda «Halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasaty we öňüni alyş diplomatiýasy: Türkmenistanyň tejribesi we onuň ähmiýeti» atly halkara maslahaty geçirildi
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binasynda «Halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasaty we öňüni alyş diplomatiýasy: Türkmenistanyň tejribesi we onuň ähmiýeti» atly halkara maslahaty we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan sergisi geçirildi. Maslahatyň işine Mejlisiň deputatlary, ýurduň degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurtda işleýän dip...
Durnukly energetika ösüşiniň meseleleri – Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň üns merkezinde
2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda “Oguzkent” myhmanhanasynda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi öz işini “ Maýa goýumlaryny durnukly energetika geljegine gönükdirmek we daşamagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak” diýen temada dowam etdi. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň ministrler bölümi ýokary derejeli şahslar üçin energetikada durnukly maýa goýumlary ulgamynda çözgütleri kabul etmäge we energetika kärhanalarynyň ýolbaşçylary üçin syýasy mes...
Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi açyldy
2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherindäki “Oguzkent” myhmanhanasynyň binasynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi öz işine başlady. Maslahat Türkmenistanyň bu gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýär. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň işine 49 sany agza döwletiň hem-de synçy ýurtlaryň ministrlikleriniň we edaralarynyň, 12 sany halkara we sebitleýin guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, 14 sany iri energetika kompaniýalarynyň, şeýle...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY “BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MERKEZIŇ ORNY”ATLY KARARNAMANY KABUL ETDI
2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistan tarapyndan teklip edilen “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziň orny” atly kararnamany kabul etdi. Kararnamanyň awtordaşy bolup 57 ýurt çykyş etdi. Kararnamada Merkeziň sebitiň ýurtlarynyň arasynda umumy ynjalyksyzlyk döredýän soraglary bilen bagly meseleleri çözmek boýunça dialogy berkitmek üçin amala aşyrýan tagallalary oňlanylýar. Kararnamany Baş Assamb...