SOŇKY HABARLAR
BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça sebitleýin wekili bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa bilen BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça sebitleýin wekili Oliwer Ştolpeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Möhleti 2027-nji ýylyň iýunyna çenli uzaldylan BMG-niň Merke...
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda Täjigistanyň durmuş-ykdysady abadançylygynyň yzygiderli pugtalanýandygyny we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde eýeleýän ornunyň i...
Finlýandiýanyň ÝHHG-daky Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Finlýandiýanyň ÝHHG-daky Ýörite wekili Teri Hakalanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda R.Meredow hanym Teri Hakala konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we Finlýandiýanyň ÝHHG-nyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakdaky ornuny aýratyn belledi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, ykdysady-ekologik we ynsanperwer ugurlaryň çäklerinde Türkmenista...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygynyň orunbasary Kadzuhiko Amakawa bilen duşuşdy. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ykdysady ulgamda gazanýan üstünlikleri barada belledi hem-de Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda işlemäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmeni...
BMG-niň edaralarynyň 2026-2030-njy ýyllara niýetlenen Türkmenistan üçin ýurt maksatnamalary tassyklanyldy
2025-nji ýylyň 25-nji awgustyndan 5-nji sentýabry aralygynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM), Ilat gaznasynyň (UNFPA) we Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýerine ýetiriji geňeşleriniň ikinji yzygider mejlisleri geçirildi. Mejlisleriň netijeleri boýunça 2026–2030-njy ýyllara niýetlenen Türkmenistan üçin ýurt boýunça maksatnamalaýyn resminamalar tassyklanyldy. Bu maksatnamalaryň konsepsiýalary türkmen tarapy bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Resminamalara laýyklykd...
Türkmenistan ýertitremeden ejir çeken owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini iberdi
2025-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, goňşy owgan halkyna ynsanperwerlik kömegi hökmünde, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna dokma, azyk önümleri, şeýle-de egin-eşikler we durmuşda zerur bolan beýleki harytlar ugradyldy. Türkmen halky...
Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) Başlygynyň orunbasary, Wekilçilikli direktory bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) Başlygynyň orunbasary, Wekilçilikli direktory jenap Amakawa Kazuhikonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýän türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Iň ýokary derejede ýola goýlan açyk we ynanyşmaga esaslanýan syýasy dialogyň döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylma...