RSS

SOŇKY HABARLAR

12 Sen

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE WÝETNAMYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI KABUL EDILDI

2023-nji ýylyň 11 sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Dang Min Khoýdan ynanç hatlaryny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi, öz gezeginde, Wýetnamyň Prezidenti Wo Wan Thyongyň Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna, ähli halkyna iberen mähirli salamyny we iň gowy...

DOWAMY
12 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANKT-PETERBURGYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Gubernator döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanda däp bolan do...

DOWAMY
12 Sen

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ SANKT-PETERBURGYŇ GUBERNATORY BILEN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda gubernator Gahryman Arkadagymyza Russiýanyň Prezidentiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga türkmen halkynyň Milli Lideriniň goşýan...

DOWAMY
11 Sen

TÜRKMEN-HYTAÝ GATNAŞYKLARY BABATYNDA ÖZARA PIKIR ALYŞYLDY

2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Hytaýyň halkara ösüş we hyzmatdaşlyk Agentliginiň başlygynyň orunbasary Den Botsin bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda köp ugurlar boýunça türkmen-hytaý hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygynyň okgunly ösüşi bellenip geçildi. Taraplar halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurdaky, şol sanda, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynda...

DOWAMY
11 Sen

WÝETNAMYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Moskwa ş.) täze bellenen Ilçisi Dang Ming Hoý bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi. W.Hajiýew Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de onuň diplomatik işini durmuşa geçirmekde türkmen tarapynyň ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny belledi. Duşuşygyň barşynda diplo...

DOWAMY
11 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE SANKT-PETERBURGYŇ GUBERNATORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alşyldy. Özara hereketleriň möhüm ugry hökmünde medeni-ynsanperwer ulgamy bellenildi we onuň çäklerinde bilim, ylym we medeniýet pudaklarynda netij...

DOWAMY
10 Sen

TÜRKMENISTANYŇ NATO-NYŇ ÝANYNDAKY WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY AKKREDITIRLENDI

2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçisi Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasynyň (NATO) Baş sekretary Ýens Stoltenberge Türkmenistanyň NATO-nyň ýanyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hökmünde öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Duşuşykda Türkmenistan bilen Bileleşigiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Dowam edýän bilelikdäki işiň çäginde taraplar bilim pudagynda üstünlikli durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlyk maksatnamalaryny belledil...

DOWAMY