RSS

SOŇKY HABARLAR

7 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HALKARA SERGILER BÝUROSYNYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzesi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda myhman Halkara sergiler býurosynyň ýurdumyz bilen däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady we halkara giňişlikde Türkmenistanyň sergileri guramakda ýokary derejä ýetendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz myhmany mübärekläp, bu saparyň Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň...

DOWAMY
5 Okt

HALKARA GYZYL HAÇ KOMITETI BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Aşgabatda iş sapary bilen bolýan Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky sebit wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Žak Barberisiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen HGHK-niň arasynda halkara ynsanperwer hukugynyň ýörelgelerini ilerletmek ugrundaky netijeli hyzmatdaşlygy beýan edildi. Türkmen tarapy Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyý...

DOWAMY
5 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AZERBAÝJANYŇ YKDYSADYÝET MINISTRINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi. Myhman Türkmen döwletiniň Baştutanyna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň salamyny hem-de ähli türkmen halkyna parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem Mikail Jabbarow Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen gutlady. Türkmenistan...

DOWAMY
4 Okt

LIWIÝANYŇ ÝAŞLARYŇ IŞLERI BOÝUNÇA MINISTRI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK BARADA

2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Liwiýanyň ýaşlaryň işleri boýunça ministri Fatalla Elzuni bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde taraplar iki ýurduň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy, şol sanda, ýaşlar syýasaty ugrundaky gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyklaryny nygtadylar. Türkmenistanyň we Liwiýanyň arasynda ylym-bilim, sport ulgamynda gatnaşyklary ilerletmek, iki ýurduň ýaşlarynyň arasynda dürli forumlary we çäreleri...

DOWAMY
4 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ NETIJELERINE BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI

Şu gün, 2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen beýik geljege tarap” atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan bu çärä ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdy....

DOWAMY
4 Okt

ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ TASLAMALARY BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksanyň, Ýewropa Bileleşiginiň Gazagystandaky wekilhanasynyň hyzmatdaşlyk bölüminiň ýolbaşçysy Ýohannes Bauryň, şeýle hem Halkara söwda merkeziniň we Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German agentliginiň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Merkezi Aziýada bilelikdäki ikitaraplaýyn we sebitleýin taslamalaryň ýagdaý...

DOWAMY
4 Okt

BÜTINDÜNÝÄ BANKYNYŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBIT ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK

2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew bilen Bütindünýä Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit ýolbaşçysy Tatýana Proskurýakowanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň çäklerinde hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň möhüm meseleleri, şeýle hem Türkmenistan bilen Bütindünýä Banky Toparynyň arasyndaky geljekki hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

DOWAMY