SOŇKY HABARLAR
Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygyna, Parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle-de BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan Ýaşlar dialogy geçirildi
2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Duşenbe şäheriniň Milli kitaphanasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, 2025-nji ýylyň Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine hem-de BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanyp “Ýaşlar dialogy” atly çäre geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan BMG-niň Täjigistandaky wekilhanasy, Täjigistanyň Daşary işler ministrligi we Täjigistanyň Ýaşlar we sport baradaky komiteti bilen bilelikde guralyp, oňa Täjigistanyň ýokarda agzalyp...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy
2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Rim şäherinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Italiýa Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşygy geçiriler. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezi...
Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem köpçülikleýi...
Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministri Abdullatif bin Raşid Al-Zaýaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi. Ministrler iki döwletiň arasynda halkara guramalarynyň, ilkinji...
Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň DIM-leriniň ýolbaşçylary telefon arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministri Abdulla Ali Al-Ýahýa telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtadylar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuh...
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
2025-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Emirates National Oil Company (ENOC)» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalarynyň başlygy Said Al Taýeri, şeýle hem «Dragon Oil» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdulkarim Al Maazmini kabul etdi. Işewürler bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyklaryny beýan edip, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän döwle...
Türkmenistanyň wekiliýeti 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy. «Baglanyşyga maýa goý – durnuklylykda ös» şygary astynda geçirilýän halkara forumyna dünýäniň 60-dan gowrak ýurdunyň ýokary derejeli döwlet wekilleri, işewür toparlaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem köpçülikleýin haba...