SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we Tunis Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň we Tunis Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, tunis tarapyna – Tunis Respublikasynyň Daşary işler, migrasiýa we daşary ýurtlarda ýaşaýan tunislileriň işleri boýunça ministriniň orunbasary Munir ben Rajiba ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-tunis gatnaşyklaryny mundan beýläk-de p...
BAE-nyň Ykdysadyýet ministri bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BAE-nyň Ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde ýola goýlan gatnaşyklary has hem çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, söwda dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmak, özara peýdaly ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak barada anyk teklipler beýan edildi. Taraplar nebit-gaz we himiýa senagaty, energetika, ulag,...
«Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Adam hukuklary boýunça dialogynyň 16-njy mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistan - Ýewropa Bileleşigi» Adam hukuklary boýunça dialogynyň 16-njy mejlisi geçirildi. Mejlisi Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary boýunça ýörite wekili Olof Skug açdylar. Duşuşygyň dowamynda ynsanperwer hukugy we adam hukuklary çygrynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we giňeltmegiň geljegi ara alny...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN «HALKLARY BIRLEŞDIRÝÄN TARYHY WE MEDENI GYMMATLYKLAR» ATLY ÝÖRITE MASLAHAT GEÇIRILDI
Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň guramagynda wideoaragatnaşyk arkaly Gündogaryň beýik akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň esaslandyryjysy Magtymguly Pyragynyň şanly 300 ýyllygyna we medeni mirasyna bagyşlanyp, «Halklary birleşdirýän taryhy we medeni gymmatlyklar» atly ýörite maslahat g...
Türkmenistan bilen Çehiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi
2024-nji ýylyň 20-nji iýunynda Pragada Türkmenistanyň we Çehiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, çeh tarapyna - Çehiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Irži Kozak ýolbaşçylyk etdi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we halkara gün tertibiniň häzirki zaman meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Soňra duşuşyga gatnaşyjylar bar b...
Türkmenistanda Bolgariýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2024-nji ýylyň 20-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ruslan Stoýanowdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli sözler ü...
Mejlisde Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokarky palatasynyň Başlygy bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 20-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Meýbl Çinomona bilen duşuşygy geçirildi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak boýunça durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, dünýäniň...