Horwatiýanyň Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Hrwoýe Swetanowiçiň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Duşuşygyň başynda M.Bäşimowa Horwatiýanyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we diplomatik işinde üstünlik arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara düzümleriň çägindäki hyzmatdaşlygy bellemek bilen, söhbetdeşler BMG-niň çäginde öňe sürülýän başlangyçlaryň özara goldamagy dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Şunuň bilen birlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.
Şeýle hem taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-horwat toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.