Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Patruşewi kabul etdi.
Myhman mähirli kabul edilendigi hem-de halkara maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny mähirli mübärekläp, oňa BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Prezident Wladimir Putine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, bu forumyň türkmen topragynda geçirilmegi deňze göni çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň durnukly ösüşini gazanmak, olaryň dünýä bazarlaryna üstünlikli çykmagyny üpjün etmek işine Türkmenistanyň berk ygrarlydygyny görkezýär.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-rus döwletara dialogynyň gün tertibiniň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ulag, energetika, senagat we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky hyzmatdaşlykda oňyn netijeleriň gazanylandygyny kanagatlanma bilen bellediler.
Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hataryna girýär.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýa bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegi maksat edinýändigini tassyklap, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Patruşewe berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.