Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Hamid Ganbariniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşmalar boldy.
Taraplar ýokary we iň ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň iki döwletiň dostlukly gatnaşyklaryny giňeltmekdäki ähmiýetini bellediler.
Söwda-ykdysady ulgam hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde aýratynlandyryldy. Bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň işiniň ähmiýeti aýratyn bellenildi we onuň soňky mejlisinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge taraplaryň taýýardygy tassyklanyldy.
Duşuşygyň gün tertibine ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmak ýaly meseleler hem girizildi.
Gepleşikleriň ahyrynda taraplar dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrylmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.