Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy

photo

2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşygy boldy.

Duşuşyga ýapon tarapyndan «Sumitomo Corporation», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «Muroosystems Corporation», «ITOCHU Corporation», «Tokyo Boeki Eurasia Limited», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.», «Mitsubishi Corporation», «ARGONAVT Corporation» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, “Çalyk Holding”, “Gap Inşaat” kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji wise-prezidenti duşuşygy açyp, duşuşmaga wagt tapandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we bu duşuşygyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge möhüm itergi boljakdygyna ynam bildirdi.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedowa söz berildi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny we wekillerini tüýs ýürekden mübärekläp, bu duşuşygy geçirmek baradaky başlangyjy, türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekde ony ösdürmegiň ýollaryny giňişleýin ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ýapon kompaniýalary bilen ýola goýlan hem-de netijeliligini görkezen gatnaşyklary yzygiderli giňeltmegini dowam etdirýär. Şol bir wagtda biz täze, has giň gerimli we uzak geljegi nazarlaýan maksatlara ýetmegi ugur edinýäris.

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin, durnukly, köpugurly häsiýete eýedir. Ol hemişe özara hormat goýmak, ynanyşmak hem-de bähbitlilik ýörelgeleri esasynda alnyp baryldy we dowam etdirilýär.

Türkmenistan ykdysadyýetiniň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyna düşünmek bilen, öz tagallalaryny birnäçe ileri tutulýan wezipelere gönükdirdi. Şolaryň hatarynda ösüşiň innowasion strategiýalaryny ornaşdyrmak, senagatlaşdyrmagy çaltlaşdyrmak, “ýaşyl” geçiş, energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, milli we halkara ulag-logistika arabaglanyşygy ösdürmek ýaly wezipeler bar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de bu ugurlaryň her biri boýunça ýapon kompaniýalarynyň işjeň gatnaşmagy üçin hakyky we özara bähbitli mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynda iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işlerine ýokary baha berdi. Nygtalyşy ýaly, “ITOCHU”, “Kawasaki”, “Mitsubishi”, “Sojitz”, “Toyo”, “Mitsui”, “Sumitomo”, “Komatsu”, “Toyota” we beýleki birnäçe kompaniýalar türkmen ykdysadyýetiniň ösüşine uly goşant goşdular we goşant goşmagyny dowam etdirýärler.

Soňky ýyllarda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda häzirki zaman iri senagat desgalary ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda Marydaky we Garabogazdaky ammiak hem-de karbamid önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumlaryny, Gyýanlydaky polimer zawodyny, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody, Çärjew etrabyndaky gazturbinaly elektrik stansiýasyny görkezmek bolar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýapon işewürler jemgyýetçiligine uzak möhletleýin maýa goýumlar, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri teklip etmäge taýýardygyny tassyklady.

Ýapon tehnologiýalaryny we önümlerini, ilkinji nobatda, maşyngurluşyk, elektronika, himiýa senagaty önümlerini işjeň ilerletmäge taýýarlyk nygtaldy.

Şol bir wagtda Türkmenistan suw serişdelerini tygşytlamak, suwy arassalamak, önümçilik galyndylaryny dolandyrmak, “ýaşyl” we wodorod energetikasy ulgamlarynda öňdebaryjy ýapon tehnologiýalaryny hem-de tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýär.

Mälim bolşy ýaly, aprel aýynda geçiren duşuşygymyzyň dowamynda biz sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň möhümdigi baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşypdyk. Häzirki wagtda Türkmenistanda bu ugra aýratyn üns berilýär.

Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti ýapon kompaniýalaryna durmuş we gurluşyk galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça döwrebap zawodyň gurluşygynyň taslamasyny işläp düzmegi teklip etdi.

Şeýle-de hapa suwlary senagatda we jemagat hojalygynda gaýtadan peýdalanmaga mümkinçilik berjek derejä çenli arassalamagyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamany amala aşyrmak maksadalaýyk hasaplanýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşky gurşawda plastik galyndylaryň möçberini azaltmak hem-de polietileni ikinji gezek ulanmaga ibermek üçin plastik çüýşeleri gaýtadan işlemek boýunça kiçi zawodlaryň taslamasyny öwrenmäge taýýardygyny tassyklady.

Şular bilen birlikde, durmuş tehnikasyny gaýtadan işlemek boýunça kiçi zawodyň taslamasyny durmuşa geçirmek mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi.

Çykyşynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow şu günki duşuşygyň iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän täze bilelikdäki başlangyçlary we taslamalary durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene bir möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.

Işewürler Türkmenistanyň Prezidentine wagt tapyp, şu duşuşyga gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda beýan eden teklipleriniň möhüm ähmiýetini bellediler we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny aýtdylar.    

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

* * *

 Şol gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň hormatyna Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň adyndan resmi agşamlyk nahary berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary dowam edýär.