Duşenbede Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 21-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy: türkmen-täjik dostlugynyň we çuňlaşdyrylan strategiki hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Çäre Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar merkezi bilen bilelikde guraldy. Maslahata döwlet edaralarynyň, ylmy we bilim edaralarynyň, diplomatik korpusyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem iki ýurduň bilermenleri we hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri we geljegi uly ugurlary boýunça giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi. Gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň halklarynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýratyn ähmiýetini, şeýle hem iki döwletiň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler.
Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylmy-bilim, medeni we ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Çykyşlarda türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda yzygiderli döwletara dialogyň, özara saparlaryň we dürli derejelerdäki gatnaşyklaryň möhüm orny bellenildi.
Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan taýýarlanan tematik sergi hem guraldy.
Kitap sergisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň eserleri görkezildi. Şeýle hem sergide häzirki zaman Türkmenistanyň dürli ugurlardaky gazananlary, ýurdumyzyň taryhy we türkmen halkynyň baý medeni mirasy bilen tanyşdyrýan neşirler ýerleşdirildi.
Çärä gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň arasynda türkmen halkynyň milli mirasy we buýsanjy bolan ahal-teke bedewlerine bagyşlanan fotosergi uly gyzyklanma döretdi. Sergide görkezilen fotosuratlarda dünýäde meşhur bolan ahal-teke bedewleriniň özboluşly gözelligi we syratlylygy şöhlelendirildi. Ahal-teke bedewleri türkmen halkynyň taryhynda, medeniýetinde we köp asyrlyk däp-dessurlarynda aýratyn orun eýeleýär.