img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASY - DUŞENBE
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak boýunça Departamentiň direktory bilen duşuşyk barada

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak boýunça Departamentiň direktory Maýka Oşikawanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen özara hyzmatdaşlygynyň häzirki meseleleri, aýratyn-da ýurduň BSG-a goşulmagy bilen bagly geljekki ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar sebitleýin we halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, milli kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi, şeýle hem halkara guramalar we degişli edaralar bilen özara gatnaşyklar boýunça pikir alyşdylar.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň BSG bilen hyzmatdaşlygynyň yzygiderli häsiýete eýedigi nygtaldy.

Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak boýunça Departamentiň direktorynyň Aşgabat şäherine iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň BSG-a agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň wekilleri bilen duşuşygyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.