Päkistanyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Päkistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Ahsan Wagan bilen duşuşyk geçirdi we ondan ynanç hatynyň nusgasyny kabul etdi.

Ministr Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny aýtdy.

Öz gezeginde Ilçi umumy bähbitlere we maksatlara gabat gelýän iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirdi. Taraplar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ýaly dürli çygyrlarda üstünlikli ösdürilýändigini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunlukda taraplar Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini gurmak, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny we elektrik geçirijisini çekmek taslamalaryny durmuşa geçirmäge ünsi çekdiler.