Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara zähmet guramasynyň (HZG) wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen Halkara zähmet guramasynyň (HZG) wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda HZG-nyň Baş direktorynyň kömekçisi, HZG-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin sebit edarasynyň sebit direktory Beata Andresiň şu ýylyň fewralynda amala aşyran saparynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek meselelerine garaldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen HZG-nyň köp ýyllaryň dowamyndaky özara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtadylar. Hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäginde geljekde hem ulgamlaýyn esasda gepleşikleri ýola goýmak we gatnaşyklary giňeltmek meselelerine garaldy.

Söhbetdeşleriň pikirine görä, Türkmenistan bilen HZG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikinji toplumlaýyn resminamasy bolmak bilen, «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara zähmet guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin Ýol kartasy» ýakyn gelejek üçin özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny we anyk ädimlerini kesgitledi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Halkara zähmet konferensiýasynyň geljekki 112-nji mejlisine taýýarlyk görmegi bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugry boldy.