Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy hakynda

2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Kazan şäherinde iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Tatarystanyň Baştutany belent mertebeli myhmany mübärekläp hem-de XVI BRICS sammitine gatnaşmak üçin Kazana gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny bildirip, taryhyň dowamynda kemala gelen dostlukly gatnaşyklara esaslanýan we ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýän tatar-türkmen hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýetini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, şu gezekki saparyň netijeleriniň Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Bu gatnaşyklarda ýurdumyz Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Baştutanyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti XVI BRICS sammitiniň ýokary derejesini belläp, bu wekilçilikli forumyň üstünlikli geçirilmegini we onuň çäklerinde meýilleşdirilen maksatlara ýetilmegini arzuw etdi.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirdi hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň saldamly goşandyny nygtady. Rustam Minnihanow golaýda Aşgabatda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen, beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň netijeli hyzmatdaşlygyň esasy şertleriniň biridigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň çäklerinde köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentini Tatarystan Respublikasynyň «Duslyk» ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti bu ýokary döwlet sylagyna Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş-medeni gatnaşyklary ösdürmäge goşan uly goşandy üçin mynasyp boldy.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentine «Duslyk» ordenini dabaraly ýagdaýda gowşurdy we tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti bildirilen hormat-sarpa üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu sylagyň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň tassyklanmagy bolup durýandygyny belledi. Häzirki döwürde bu gatnaşyklar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanowa «Duslyk» ordeniniň gowşurylandygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Tatarystanyň doganlyk halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.