Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Kazan şäherinde geçýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitiniň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz hem-de iri halkara guramanyň ýolbaşçysy mähirli salamlaşyp, umumy maksatlary we häzirki döwrüň wezipelerini nazara almak bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ikiçäk duşuşykda ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Antoniu Guterrişi Birleşen Milletler Guramasynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we şu duşuşygyň netijeleriniň däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

BMG-niň Baş sekretary gutlaglardyr hoşniýetli sözler, şu ýylyň iýulynda Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistanyň halkara giňişlikde işjeň syýasaty alyp barýandygy hem-de bu gurama, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen uzak ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary saklaýandygy bellenildi. Şunda hut Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edendigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, geljek ýyl birnäçe şanly wakalara, şol sanda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna beslener.

Döwlet Baştutanymyz dünýä ösüşiniň ählumumy meselelerini çözmegiň möhümdigini belläp, türkmen tarapynyň netijeli dialogy hemmetaraplaýyn giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardygyny ýene bir gezek tassyklady.

Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy döwrüň wajyp meselelerini çözmäge başlangyçly çykyş edýändigi hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýandygy üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek işinde BMG-niň möhüm hyzmatdaşy bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny nygtady.

BMG-niň Baş sekretary ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini berkarar etmek boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berip, döwlet Baştutanymyzyň XVI BRICS sammitiniň mejlisinde beýan eden teklipleriniň möhümdigini ýene-de bir gezek nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.